Hususy şahslar üçin karzlar
Ipoteka karzlary berilýär:
- fiziki şahslara – Türkmenistanyň raýatlaryna;
- Türkmenistanyň milli pul birliginde (manat);
- 10 ýyla çenli möhlet bilen;
- Göterim stawkasy ýylda 8% möçberde bellenilýär;
- Ýeňillikli döwür göz öňünde tutulmaýar;
- Jaý satyn alýan karz alyjylar üçin ipoteka karzynyň möçberi satyn alyjynyň jaýyň bahasynyň 30% az bolmadyk möçberini hususy serişdeleriniň hasabyna töleýändigi şerti bilen onuň doly bahasynyň 70% artyk bellenilmeýär.
Ýaş çatynja karzy:
- Resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin "Ýaş çatynja karzy" Türkmenistanyň raýatlaryna berilýändigi barada habar berýär.
- 5 ýyla çenli möhleti, ýyllyk 1 göterimli berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde üçünji tarapyň zamunlygy kabul edliýär.
Sarp ediş maksatlary üçin karzlar berilýär:
- fiziki şahslara – Türkmenistanyň raýatlaryna;
- Türkmenistanyň milli pul birliginde (manat);
- sarp ediş isleglerini kanagatlandyrmak üçin;
- soňky iş ýerinde 6 aýdan az bolmadyk arakesmesiz iş döwri bolan şahslara;
- 3 ýyla çenli möhlet bilen;
- ýyllyk 12 göterim;
- gyssaglylyk, töleýjilik, yzyna gaýtarmalyk ýörelgeleriniň berjaý edilmegi bilen şertnamalaýyn esasda.
- Karzyň maksimal möçberi ybarat bolup biler:
- girew emläginiň üpjünçiliginde 120 000,00 çenli;
- karzyň üpjünçiligi hökmünde 1 zamunçynyň zamunlygy berilende 20 000,00 manada çenli;
- 2 zamunçy – 40 000,00 manada çenli;
- Karz alyja karzyň berilmegi Bank tarapyndan bir gezekde ýa-da tapgyrlaýyn bermek, hasaplaşygyň nagt däl görnüşinde onuň tabşyrygy boýunça ýa-da plastik karz kartlaryna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.
- Türkmenistanyň çäginde ýokary okuw jaýlaryna okaýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin, talybyň ýakyn garyndaşlaryna “talyp karzynyň” berilýändigi barada habar berýär.
- Karz talybyň ýyllyk okuw töleginiň möçberinde, 5 ýyla çenli möhletli dikeldilýän karz ugruny açmak bilen, ýyllyk 5 göterimli berilýär.Karzyň üpjünçiligi hökmünde üçünji tarapyň zamunçylygy kabul edilýär.
Talyp karzy:
- Karz boýunça giňişleýin maglumat almak üçin hem-de karzy resmileşdirmek üçin Bankyň baş edarasyna we welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
- Habarlaşmak üçin:Tel: 96-46-96
Sanly ulgam arkaly arza bermek üçin, Online hyzmatlar bölüminde Online kabulhana girip, degişli arzalary doluryp bilersiňiz.