Karzlar

Korporatiw müşderiler üçin Telekeçiler üçin Şahsy taraplar üçin Girew barada Karz hasaplaýjy

Girewleriň haýsy görnüşleri kabul edilýär

Üpjünçiligiň esasy görnüşleri bolup biler: gozgalmaýan emläk, gozgalýan emläk (oba hojalyk tehnikasy, ýeňil ulaglar, gurluşyk tehnikasy we ş.m.), banklaryň kepillikleri, üçünji şahslaryň zamunlyklary. 
Emläk girewi karz üpjünçiliginiň esasy görnüşidir. Islendik emläk, şol sanda, dolanşykdan alnan zatlardan başga, Karz alyjynyň eýeçiligindäki ýa-da oňa doly hojalygy ýörediş hukugy boýunça degişli bolan we Türkmenistanyň “Girew hakynda” Kanunyna laýyklykda girew bolup bilýän emläk hukuklary (talaplar),   girew bolup biler. 
Emlägiň doly hojalygy ýörediş hukugy berkidilen karz alyjy bu emlägiň girewini şol emlägiň eýesiniň razylygy bilen amala aşyrýar. 


 Girewe baha kesmek

Girewiň baha kesilmesine professionallary çekmek bilen bank üpjünçiligiň takyk parametrleri görkezilen hem-de onuň bahasy babatda maglumatlar delillendirilen talabalaýyk hasabaty almagy meýilleşdirilýär. Kerz beriji üçin bilermeniň netijeleri gerekdir. Eger-de kesilen baha şertnamanyň parametrlerine laýyk gelmese, bank maliýeleşdirmeden ýüz öwürer. Potensial karz alyjy başga üpjünçiligi gözlemeli bolar ýa-da karzyň ölçegini we karzlaşdyrmanyň dowamlylygyny azaltmak arkaly maliýeleşdirmäniň möçberini kemeltmeli bolar.


Girew babatda talaplar

Emläk we Karz alyjynyň Bankyň öňündäki borçlarynyň üpjünçiliginiň beýleki görnüşleri indiki talaplary kanagatlandyrmalydyr:

Emläk girewi karz şertnamasy boýunça borçlar doly ýerine ýetirilýänçä girewde galýar hem-de hökmany suratda bank-benefisiarynyň bähbidine ätiýaçlyk edaralarynda ätiýaçlandyrylan bolmalydyr.


Girewiň çalşyrylmagy

Eger-de girew goýulan zat mejbury ýagdaýlar, girew berijiniň karz komitetiniň makullamagy bilen degişli möhletde ony deň bahaly başga bir emläk bilen çalyşmaga hukugy bar.