Online hyzmatlar

POS terminallary Internet banking QR code Wideo sapaklary Töleg barlagy Mobil gapjyk Online kabulhana

Internet banking

Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýeti sanlaşdyrmak we ýurdumyzy häzirkizaman elektron senagaty bolan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda esasy maksatlaryň biri hökmünde ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýetiň we elektron senagatynyň şertlerine uýgunlaşdyrylan bazar özgertmeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň üpjünçiligi bellenilýär.   

Bu wezipeleriň çözgüdinde esasy orny banklar eýeläp, olaryň ösüşiniň esasy maksatlary uzak aradaşlykdaky hyzmat edilmäniň, şol sanda, internetiň we mobil bankinginiň, özara hasaplaşyklaryň elektron serişdeleriniň, beýleki maliýe gurallarynyň ulanylmagydyr. Ilata hyzmatlaryň şu toplumyny hödürlemek mümkinçiligi dürli ýurtlaryň bank ulgamlarynyň esasy artykmaçlyklarynyň birine öwrülýär. 

Türkmenistanyň banklary Internet-banking diýen umumy ady alan uzak aradaşlykdaky hyzmat edilmäniň geljegi bolan tehnologiýalaryny has giňden özleşdirýärler.         

Internet-banking taryhy gözbaşyny geçen ýüzýyllygyň 80-nji ýyllaryndan, haçanda ABŞ-da goýumçylara özleriniň hasaplaryny telefonyň üsti bilen bankyň kompýuterine birikmek arkaly barlamak mümkinçiliklerini hödürlän Home Banking ulgamynyň döredilen wagtyndan alyp gaýdýar. Soňra internetiň we internet tehnologiýalarynyň ösmegi bilen bank goýumçylara internetiň üsti bilen özleriniň hasaplary hakynda maglumaty almaklygy ýol berýän ulgamlary işe girizýär.   

Hasaplardan pul serişdelerini geçirmek hyzmaty ilkinji gezek 1994-nji ýylda ABŞ-daky Stenford federal karz birleşmesinde girizildi. “Bank of America” onlaýn bankingde üstünligi gazanan ilkinji bankdyr. Häzirki wagtda demirgazyk Ýewropa we Amerika ýurtlarynda şeýle hyzmatlardan ilatyň 50 göterimden gowragy peýdalanýar, internetiň kämillik ýaşyna ýeten ulanyjylarynyň arasynda bolsa bu san 90 göterime ýetdi.        

Okyjylarymyza Internet-banking ulgamynyň hödürleýän mümkinçiliklerini ýatladalyň. Ilkinji nobatda, tiz we ýeňil usulda pullaryň hümmetleri, täze bank önümleri, bank täzelikleri hakynda maglumaty almak, pul ýagdaýlary hakynda maglumaty bilmek mümkinçiligi. Müşderi SMS-habar berme hyzmatyny birikdirip/aýryp, hasaby boýunça göçürmeleri elektron poçtasyndan alyp, awtotölegi, öý, IP-TV üçin tölegleri wagtly-wagtynda amal edip, mobil ýa-da öý telefonynyň balansynyň üstüni dolduryp, karzy üzüp biler, şeýle hem, serişdeleri kartdan karta geçirip, ulgamda amala aşyrylan hyzmatlaryň görnüşleri boýunça tölegleriň taryhyny görüp biler we ş.m. 

Internet-banking bank töleg kartynyň resmileşdirilen hasabyndaky bar bolan pul serişdelerini öýden, edaradan çykman ýa-da dünýäniň islendik künjünde kurortda dynç alýan mahalyňyz hepdäniň 7 gününde gije-gündiziň 24 sagadynyň dowamynda dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurduň bank ulgamyny ylmy-innowasiýa esasda ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň strategik wezipelerinden, şeýle hem, işini üznüksiz kämilleşdirmek konsepsiýasyndan ugur alyp “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky häzirkizaman jemgyýetçilik prosesleriniň talaplaryna doly laýyk geljek, bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerine bolan hakyky islegiň üýtgemegine dessin seslenjek iş modelini emele getirmäge çalyşýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda “Rysgal” PTB sanly hyzmatlary ösdürmegiň geljegi bolan täze ugurlaryny özleşdirýär we talabalaýyk “Internet-banking” uzak aradaşlykdaky bank hyzmatyny ulanyşa girizmek boýunça işleri alyp barýar.        

Biziň ýurdumyzda bar bolan, köp banklar tarapyndan hödürlenilýän Internet-banking ulgamynyň diňe hasaplar boýunça göçürmeleri görmek hyzmatyny öz içine alýandygyny belläp geçmelidiris. “Rysgal” PTB ilkinji bolup müşderilerine hasaplar boýunça hereketleri görmekden başga-da beýleki mümkinçilikleri hödürlemegi meýilleşdirýär. Ýakyn wagtlarda operasion mümkinçilikler bilen müşderiler üçin hyzmatlaryň üsti ýetiriler – islendik wagtda internete ygtyýarlygy bolan islendik enjamdan müşderiniň köpfaktorly identifikasiýasynyň ulanylmagy arkaly uzak aradaşlykdan aktiwleriň we hasaplaşyk amallarynyň dolandyrylmagy.      

Bankyň müşderileri edaradan çykman diňe bir özleriniň bank hasaplaryny ýöretmek däl, eýsem, belli bir derejede çykdajylary kemeldip we wagtlaryny tygşytlap bilerler. Internet-banking arkaly müşderi-bank özara gatnaşygy has işjeň bolar, bank hyzmatlaryny öndüriji bilen ulanyjynyň arasyndaky aralyk belli bir derejede gysgalyp, hyzmat edilmäniň san we hil babatynda ösmegine ýardam eder. Şol bir wagtda, bank mehanizmleri ulanmak arkaly müşderileriniň gorag ulgamyny kämilleşdirer, bu mehanizmler kepillendirme üçin niýetlenilmedik bolsada, iň bolmanda onlaýn bankingiň ulanylmasynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrar. Bank hyzmatlarynyň häzirkizaman görnüşleri ähli şahamça tory boýunça ulanyşa girizmek we bitewi iş ulgamyna birikdirmek göz öňünde tutulýar.      

“Rysgal” PTB üçin şu taslamanyň durmuşa geçirilmegi strategik maksatlarynyň we wezipeleriniň amala aşyrylmagyndaky wajyp ädim bolar, şeýle hem, ýurduň bank ulgamynyň ösmegine, onuň halkara derejesine çykmagyna täsir eder.

 

“RYSGAL” PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKYNDA ÝURIDIK ŞAHSLARA WE HUSUSY TELEKEÇILERE MENZILARA BANK HYZMATLARYNY BERMEK HAKYNDA DÜZGÜNNAMA

Doldurmak üçin formalar, MS WORD formatda