Hasaplar

Töleg-kassa amallary Multiwalýuta amallary Nyrhlar

Töleg-kassa amallary

“Rysgal” PTB ýuridiki şahslara we hususy telekeçilere milli we daşary ýurt pulundaky hasaplaşyk-kassa hyzmaty boýunça doly hyzmatlar toplumyny hödürleýär: 

Siz tarapdan gerek resminamalaryň doly toplumy berlenden soňra bank hasaby açylýar.  

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete we döwlet dolandyryşyna geçmek bilen baglanyşykly çäreleriň çäklerinde, elektron ulgamy arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň amala aşyrylmagyny hem-de ulanylýan hasaplaşyk resminamalary doldurmagyň we resmileşdirmegiň tertibini kämilleşdirmek, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklar amala aşyrylanda ulanylýan töleg resminamalarynda “tölegiň şertli maksadyny” belgilemek maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde çykaran 128-iş belgili buýrugy bilen “Türkmenistanyň karz edaralarynda ulanylýan tölegleriň maksatlarynyň klassifikatoryny ulanmagyň Düzgünleri“ tassyklanyldy we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 22-nji maýynda 1224 belgili san bilen bellige alyndy.

“Türkmenistanyň karz edaralarynda ulanylýan tölegleriň maksatlarynyň klassifikatoryny ulanmagyň Düzgünleri“ bilen tanyşyň.