Korporatiw müşderileri üçin karzlar
Korporatiw müşderileri üçin karzlaşdyrmanyň görnüşleri we şertleri:
Karzlaşdyrma aşakdaky maksatlary göz öňünde tutýan maýa goýum taslamalary degişlidir:
- senagat önümleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy;
- bar bolan önümçilikleriň giňeldilmegi, durkunyň täzelenilmegi we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, şol sanda, kiçi sehler üçin enjamlaryň, kiçi göwrümli tehnikalaryň, çig malyň, ýarym taýýar önümleriň, furnituranyň satyn alynmagy;
- gurluşyk, şol sanda, infrastruktura desgalarynyň gurluşygy;
- ulagyň, aragatnaşygyň we maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi;
- serwis hyzmatlarynyň we ilatyň durmuş taýdan hyzmat edilmeginiň ösdürilmegi;
- hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi;
- hususy oba hojalyk önümçiliginiň ösdürilmegi we giňeldilmegi, onuň gaýtadan işleýän önümleriniň möçberiniň artdyrylmagy, şol sanda, oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy, hojalyklaryň, kiçi sehleriň gurluşygy, mallaryň, öý guşlarynyň, iýmleriň, tohumlaryň, nahallaryň, şitilleriň satyn alynmagy;
- işiň beýleki görnüşleri, şol sanda, Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik innowasiýa işleri.
Karzlar ýokarda agzalan işleriň maliýeleşdirilmegi üçin karz alyjynyň maýa goýum taslamasyna 15% az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär (öz goýumy pul görnüşinde ýa-da taslama boýunça işleriň ýerine ýetirilmegi bolup biler).
Karzlaryň göterim derejeleri we möhletleri
Önümçilik maksatlary: önümçilik enjamlarynyň satyn alynmagy we ş.m | ýylda 7% | 10 ýyla çenli |
çig malyň we materiallaryň satyn alynmagy | ýylda 8% | 3 ýyla çenli |
Hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi | ýylda 7% | 3 ýyla çenli |
Söwda | ýylda 12% | 3 ýyla çenli |
Önümçilik desgalarynyň durkunyň täzelenilmegi we abatlanylmagy, gurluşyk tehnikalarynyň we ýük awtoulaglarynyň satyn alynmagy | ýylda 7% | 10 ýyla çenli |
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda | ýylda 5% | ýeňillikli döwür iş görnüşine görä kesgitlenilýär. |
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda | ýylda 1% we 5% | ýeňillikli döwür iş görnüşine görä kesgitlenilýär. |
Arzany nädip bermeli?
Resminamalar sanawynda göz öňünde tutulan resminamalar toplumy, şeýle hem, zerurlyga görä taslamanyň dürli aýratynlyklarynyň we şertleriniň düşündirilmegi üçin talap edilýän resminamalar jemlenilenden soňra müşderi karzy almak üçin arza bilen ýüz tutýar.
Arzada soralýan karzyň maksady, möçberi, möhleti we ýeňillikli döwri, görnüşi we beýany, şeýle hem, hödürlenilýän üpjünçilige degişli zatlar giňişleýin beýan edilýär.
Resminamalar sanawy boýunça goşmaça talaplaryň zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, şeýle hem, goşmaça soraglar ýüze çykan mahalynda bankyň işgärleri size maslahat berip bilerler.