Doly ady | «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky |
Gysgaldylan ady | «Rysgal» PTB |
Iňlis dilindäki ady | Joint Stock Commercial Bank «Rysgal» |
Iňlis dilindäki gysgaldylan ady | JSCB «Rysgal» |
Ýerleşýän ýeri | Türkmenistan, Aşgabat ş., 744004, 1946 köç. (Ankara), j.23 |
Poçta salgysy | Türkmenistan, Aşgabat ş., 744004, 1946 köç. (Ankara), j.23 |
Bankyň işiniň esasy wezipesi – müşderilere bank önümleriniň
köpsanly görnüşlerini hödürlemek arkaly ýurduň döwlete degişli
bolmadyk sektorynyň, kiçi we orta işewürligiň maliýe taýdan
goldanylmagydyr. Müşderiniň bähbitleriniň ileri tutulmagy,
halkara hil derejelerine wepalylyk, hemmetaraplaýyn pikirlenmek
başarnygy hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary derejesi
biziň işimiziň we abraýymyzyň esasy bolan ynamly gatnaşyklary
ýola goýmaga ýardam edýär.
“Rysgal” PTB-nyň ösüşiniň mümkinçilikleri mundan buýana hem köp halatda ýurtdaky kapitalyň dowam edýän toplanma prosesleri, giňeldilen üznüksiz önümçilik, maliýe we alyjylar bazarynyň gerimleriniň ösüşi boýunça kesgitleniler, olar ortaça möhletdäki mümkinçilik boýunça iň tiz ösýänleriň we özüne çekijileriň biri bolup galar.
Döwletiň ösüş, önümçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek proseslerine gatnaşmaklygy, şeýle hem, Bankyň maliýe maksatlary geljekde global wezipeleri çözmäge we ykdysadyýetde esasy orny eýelemäge ukyply, ykdysadyýetiň häzirkizaman we giň gerimli subýektiniň emele gelmegi we netijeli işlemegi üçin üç birlikden durýan wezipä biriger. “Rysgal” PTB-nyň ösüşiniň mümkinçilikleriniň bu görnüşine esaslanyp, onuň işiniň has ähmiýetli taraplary şulara gönükdiriler:
Bu wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdi teklip edilýän başlangyçlardan iň ýokary sinergetik netijäni almaklyga ýol berer. Bank elmydama strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan serişdelere baha berilmegini amala aşyrar. Onuň üçin faktor we ssenariý derňewi ulanylar, bu bolsa Bankyň ösüşiniň maksatlaýyn parametrlerini modelirlemäge we sazlamaga ýol berer, dünýäniň makroykdysady görkezijileriniň we içerki bazar ýagdaýynyň üýtgeýän şertlerinde ösüş prosesiniň hemmetaraplaýyn gözegçilik ulgamyny döreder.
Bankyň strategik wezipeleri onuň potensialynyň ösüşine hem-de içerki bazaryň we halkara maliýe ulgamynyň berýän seýrek mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi – diňe bir öz işgärleri däl, eýsem bütin ýurdy buýsandyryp biljek häzirkizaman institutyny döretmäge ýol berer. Ykdysadyýetiň depginli ösýän we ygtybarly subýekti bolup galmagy bilen Bank özüniň ösüşindäki indiki ädimi ätmegi hem-de täze, döwrebap we gülläp ösýän Türkmenistanda iň gowularyň biri bolmagy maksat edinýär.
Özüniň işini çäk boýunça giňeltmek we bankyň bähbitlerini onuň
ýerleşýän ýerinden daşarda üpjün etmek maksady bilen, maliýe
serişdeleriniň has netijeli ulanylmagy we toplanmagy üçin bank
ýurduň ähli welaýatlarynda şahamçalary açdy. Şahamçalaryň
mundan beýläk ösüşi bankyň welaýatlardaky ykdysady netijeliligini
ýokarlandyrmagyň serişdelerini ýüze çykarmak boýunça
gözegçiligiň has netijeli mehanizmleriniň işlenilip düzülmegini göz
öňünde tutýar.
Balkan:
Daşoguz:
Mary:
Lebap: