Online hyzmatlar

POS terminallary Internet banking QR code Wideo sapaklary Töleg barlagy Mobil gapjyk Online kabulhana

Mobil gapjyk

Her bir adamda öýde ýatdan çykarylan gapjygy almak üçin wagty yzyna öwürmek isleginiň dörän pursaty bolandyr. Biz ençeme sapar kassada duran wagtymyz ýa-da takside bellenilen ýere baranymyzdan soňra gapjygymyzy öýde ýatdan çykaranlygymyzy gynanç bilen ýüze çykardyk we onuň üçin gyzarmaly bolduk.          

Ösen ýurtlarda bolup görenler elmydama ol ýerde mobil telefony arkaly hasaplaryň tölenilýändigini ýatlap, bizde hem şeýle bolsady diýip arzuw edýärdiler. 

Biz wagty yza däl-de öňe öwürdik hem-de türkmenistanlylar üçin täze we uzak wagtlap garaşylan “Rysgal Pay” elektron mobil gapjygyny ulanyşa girizdik.  

Mundan buýana hasaplary biziň bankymyzyň “Rysgal Pay” elektron mobil gapjygynyň ýa-da “QRcode” töleg ulgamynyň bar bolan ähli ýerlerinde diňe mobil telefonyny ulanmak arkaly ýekeje hereket etmek bilen töläň. Mümkinçilikleriň sany ýene-de artar.     
 
 Şeýle ýönekeý. Şeýle amatly. Şeýle tiz. Ygtybarly. 

Elektron gapjyk – mobil enjamynda gurnalýan programma bolup, ulanyja elektron puly saklamaga we olaryň kömegi arkaly internetde nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga ýol berýär. Elektron gapjyk aslyýetinde bank hasabyna meňzeşdir.

Gapjygy dolduryp bolar: 

Mobil gapjygy programmasy arkaly mobil gapjygyny açyp bolýar.