Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň
çäklerinde gurulmaly binalardyr desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar
seýilgähiniň gurluşygynyň, onuň bezeg aýratynlyklarynyň ösüp gelýän ýaş
nesilleriň dünýäsine mahsus bolmalydygyna ünsi çekdi.
Aýratyn-da, seýilgähiň yşyklandyryş
ulgamynda, onuň bezeg işlerinde, olaryň reňk sazlaşygynda çagalar üçin özüne
çekiji görnüşleriň bolmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda halk
ertekilerinden ugur alynmagynyň wajypdygyny aýtdy.
Bu işlere Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem çekilmelidir, olaryň täzeçil
garaýyşlarynyň we teklipleriniň ulanylmagy babatda degişli işler geçirilmelidir.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»