Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde 2024-nji ýylyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp sergi geçiriler. Onda şu ýylda öndürilen önümler hem tanyşdyrylar.
Ýurduň hususy pudagynyň ösüşini giňden şöhlelendirjek sergide Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň, senagat we himiýa önümçiliginiň, söwda hem-de hyzmatlar pudagynyň çäginde öndürilen we halk köpçüligine ýetirilýän hyzmatlaryň döwrebap görnüşleri görkeziler. Sergi ýurtda hususy pudagyň ýeten belent sepgitlerini giňden beýan etmek bilen, täze önümleri gyzyklanma bildirýän ýerli we daşary ýurtly sarp edijilere tanyşdyrmaga, hususan-da, önümçiligiň we hyzmatlaryň işjeňleşdirilmegi babatda gatnaşyklaryň täze ýollarynyň açylmagyna giňden ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow telekeçilik işiniň üstünlikli ýola goýulmagynyň ýurduň ykdysady ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçiş derejesi bilen berk baglanyşklydygyny yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi söwda-ykdysady pudagyň iş gerimini dünýä ýüzünde giňeltmekde, importuň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginde netijeli işlere goşandyny goşýar. Ýeri gelende bellesek, TSTB 2008-nji ýylyň martynda esaslandyrylyp, häzire çenli önümçiligiň we hyzmatlaryň giňden durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli işleri amal aşyryp gelýär.
Sergä öz önümleri we hyzmatlary bilen gatnaşmak isleýän taraplaryň 28-nji fewrala çenli Birleşmä hat üsti bilen ýüz tutmalydygyny ýatladýarys. Taraplar hatynda öz önümçilik ugurlaryny, sergi diwarlyklary üçin gerek bolan ýeriň meýdanyny (m2) görkezmek bilen, diwarlyklarynyň şekil nusgasyny tabşyrmalydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 21-23-75