Hormatly Prezidentimiz 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Bu resminama Türkmenistanyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watana wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp we “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradowa Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.