Biz geljekde hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini
üpjün etmelidiris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda Halk
Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň işiniň esasy
ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany
2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny»
durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň
Meýilnamasynyň hem taýýarlanylandygyny belledi.
“Biziň alyp barýan işlerimizde diňe bir ykdysady ösüşi üpjün
etmek däl-de, eýsem, ösüşiň uzak möhletleýin we durnukly depgininiň
saklanylmagy hem möhüm wezipe bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri
belledi. Nygtalyşy ýaly, täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasy bolsa, ilkinji
nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak
bilen, hususy maýa goýumlaryň köpelmeginde jemlenendir. Biz geljekde hukuk
ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmelidiris” diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy belledi.
Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Maksatnamanyň
takyk hasaplamalara, ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe-ykdysady taýdan,
maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny belläp,
onda öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada
durup geçdi.
Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurduň içerki mümkinçiliklerini
doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, pudaklaryň we
sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Önümçilik
kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän
senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri
ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk
önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy
maksatlaryň hatarynda görkezilendir. Maýa goýumlaryň esasy ugurlarynda bolsa
senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri
döretmek, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak,
gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek esasy maksatlaryň hatarynda bellenildi.