Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Merkezi banklary 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilen kompýuter hüjümlerine garşy göreşmek meselelerinde özara Ylalaşygyň çäklerinde karz beriş edaralarynyň hereketine gözegçilik etmek ugrunda hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Bu Ylalaşyk iki döwletiň Merkezi banklarynyň arasynda maglumat howpsuzlygynyň ätiýaçlygy boýunça tejribe alyşmakda oňyn ähmiýetli birnäçe resminamalary işläp taýýarlamaga ýardam berer.
Häzirki wagtda daşary söwda hasaplaşyklarynda milli manadyň möçberini artdyrmak, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda habar bermek gatnaşyklaryny ösdürmek, Türkmenistanyň banklaryny Russiýa Federasiýasynyň banklarynyň maliýe habarnamalaryny alyşmak ulgamyna birikdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde Russiýanyň «Mir» kartynyň töleg ulgamyna goşulmagyny üpjün etmek meselelerinde pikir alyşmalar dowam edýär.
«Россия» bankynyň ýolbaşçy düzüminiň habar bermegine görä, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk ýokary netijeleri özünde jemleýär. Olar: «Biz türkmen-rus bankara maslahat bermek işlerini giňeltmegi we ýüzbe-ýüz duşuşyklary geçirmegi umyt edinýäris» diýip belleýärler.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda haryt dolanyşygynda hem ösüş derejesi saklanyp, ol geçen ýyl bilen deňeşdirilende 39 % ýokarlandy. Şeýlelikde, bu görkeziji häzirki wagtda ABŞ-nyň 970,2 million dollaryna deňdir. Geçen ýylda Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna, esasan, metal we metal önümleri, himiýa önümleri, ulaglar we enjamlar, aragatnaşyk serişdeleri, oba hojalyk çig mallary, azyk önümleri getirildi.