Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwlet Baştutanlarynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Geçen sammitiň barşynda Türkmenistan YHG-a başlyklygy kabul etdi. Şol ýyl Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň çäklerinde ministrlikleriň derejesinde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Şu ýylyň iýun aýynda bolsa energetika ministrleriniň dördünji duşuşygyny, YHG-a agza ýurtlaryň milli statistika edaralarynyň baştutanlarynyň bäşinji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilip, ýylyň ikinji ýarymynda guraljak beýleki çärelere işjeň taýýarlyk görülýär.

R.Meredow öz çykyşynda halkara hem-de sebit derejesinde abraýly guramalaryň biri bolan YHG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. 16-njy iýunda YHG-nyň baş sekretary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Sammiti ýokary derejede geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, onuň giňden maglumat goldawyny üpjün etmek maksady bilen maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan düzülen Guramaçylyk topary dörediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen döwürde Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde toplan tejribesiniň geljekde hem bu gurama bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde oňyn binýat bolup hyzmat etjekdigini belledi. Köptaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ýurdumyz YHG-a agza döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geografik, taryhy we medeni däpleriň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglaşýan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakda YHG-a ähmiýeti ornuň degişlidigini nygtady. Döwlet Baştutanlarynyň pikirine görä, bu ähli şertler özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistan YHG-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegi meýilleşdirýär.

R.Meredowyň çykyşynyň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen teklipleri goldap, sammiti we onuň çäklerinde guraljak beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.