Öňdebaryjy türkmen azyk öndürijileri azyk, şireli içgiler we çig mal önümçiligi boýunça Moskwada geçen 31-nji halkara «Prodexpo-2024» sergisine gatnaşdy.

Şireler, suwlar, alkogolsyz içgiler toparynda «Ak ýol» we «Ýüpekçi» atly türkmen kompaniýalary, süýji-köke önümleri, ýeňil naharlar, hoz, miwe kişdeleri we çörek önümleri pawilýonlarynda bolsa «Täze aý», «Bars», «Ak gar», «Altyn Ýunus», «Balam» konditer fabrikleri öz önümlerini görkezdiler.

Türkmen işewürleri Russiýanyň tutýan meýdany, bazar gerimi, hünär bähbidi we halkara derejesinde ykrar edilmegi taýdan iň uly azyk sergisi bolan «Prodexpo» sergisine ilkinji gezek gatnaşmaýarlar. Ululygy boýunça ol dünýädäki iň uly on serginiň biridir.

Onda günlük esasy iýmitlerden we şireli içgilerden başlap, ajaýyp nygmatlara çenli, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesi üçin organik, sport iýmiti, halal, koşer we ekzotik önümlere çenli dünýäniň dürli künjeginde öndürilýän iýmit görkezilýär.

Öndürijiler täze önümleriň, söwda ýarlyklarynyň we ýörite nyşanlaryň  ýola goýulmagyny «Prodexpo» bilen uýgun edýärler. Bu sergä gatnaşmak köp kompaniýalar üçin täze hyzmatdaşlary tapmak, satyş ýollaryny giňeltmek we eksport bazarlaryna girmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

«Prodexpo-2024»-de görkezilen türkmen öndürijileriniň önümlerine bilermenler we myhmanlar ýokary baha berdiler, olaryň aglaba bölegi federal we sebit ulgamlarynyň lomaý alyjylary, bölek söwdagärler, restoran we myhmanhana işiniň hünärmenleri, şeýle hem azyk we içgi paýlaýjylar hem eksportçylarydyr.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»