Türkmenistanyň Astana şäherinde ýerleşýän ilçihanasynda ýurdumyzyň ilçisi B.Rejepow bilen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (Rezidensiýasy Astana şäherinde), hanym Keýtumetsi Seýpelo Metýusyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara hyzmatdaşlyga goşmaça itergi bermek üçin bilelikdäki söhbetdeşlikleri hem-de hökümet wekilleriniň we işewür toparlaryň saparlaryny guramak, galyberse-de birek-birege goldaw bermek arkaly abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçilikleiriniň çäginde 2024-nji ýyl üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny beýan etdiler.

Diplomatlar Türkmenistanyň Günorta Afrikadaky ilçisiniň 2022-nji ýylyň awgustyndaky netijelerinden we Astanadaky iki dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine seretdiler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmen-Günorta Afrika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini ýene bir ýola tassykladylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy