13-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde
Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, ilçi Jon Pommerşaým bilen duşuşyk
geçirdi.
Duşuşykda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady
we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylyň jemi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
örän netijeli bolandygyny bellediler.
Duşuşykda söhbetdeşler taraplary gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri
utgaşdyrmak üçin türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň işine oňyn baha
berdiler. Diplomatlar 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň
guramaçylyk taraplary barada pikir alyşdylar.
Şeýl hem türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň C5 + 1
sekretariaty boýunça utgaşdyryjysy hanym Keýtlin Setola bilen duşuşdy. Olar
ABŞ-nyň Merkezi Aziýa sebiti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
Türkmenistanyň bu formatdaky işjeňligine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler
gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we pikirleri öwrenmäge
mümkinçilik berýän howpsuzlyk, ykdysadyýet, energiýa we daşky gurşaw boýunça
C5+1 dialogynyň iş toparlarynyň işiniň netijeliligini bellediler.