13-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan
kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip,
Italiýanyň işewür toparlarynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan
döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli
özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen
özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň
ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet
berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, “Leonardo S.p.A.”
kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm
hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Özara düşünişmek we hormat
goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklar
yzygiderli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, “Leonardo
S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda
meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny
giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna
esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň we Italiýa
Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara
guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde
üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Italiýanyň ýurdumyzyň ählumumy
parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen
başlangyçlaryny goldaýandygy munuň aýdyň beýanydyr.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň
arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda,
aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy
pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda köpugurly
mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly
gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. Munuň üçin ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we
innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen
şertlendirilen uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra
ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň öz tarapyndan “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine
garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Işewür döwlet Baştutanymyza hyzmatdaşlygyň derwaýys
meseleleri boýunça geçirilen netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine
ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdiklerini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano
Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary
uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge
taýýardyklaryny tassykladylar.