17-nji iýunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň wekilleri söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga bagyşlanan 10-njy türkmen-täjik hökümetara toparynyň maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan wideokonferensiýa geçirdiler.
Wideokonferensiýada Türkmenistana toparyň türkmen böleginiň başlygy, maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdi.
Energetika ulgamynda, oba we suw hojalygynda, transportda we aragatnaşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşleri, şeýle-de iki döwletiň Söwda-senagat palatasy derejesinde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak wideokonferensiýanyň esasy mowzugy boldy.
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparyň 10-njy maslahaty Duşanbede 28-29-njy iýul aralygynda geçiriler.