Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myratgeldi Jepbarowiç Jepbarowy «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi