Ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda giňişleýin mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2024-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek baradaky Buýruklara gol çekdi.