11-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş
saparynyň çäklerinde Abu Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise Prezidenti, Premýer-ministriň
orunbasary, Prezident Kazyýetiniň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan
bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen
Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli
ösýändigini nygtap, taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar
boýunça birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň
dowamynda iki ýurduň baştutanlarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýokary
derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde
ýokary derejeli aragatnaşyklaryň hem möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn
bellenildi. Şeýle-de şol gün R.Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň
Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy
geçirildi. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekip,
taraplar, hususan-da, tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmeleri, ulag we logistika hyzmatdaşlygy babatynda meseleleri ara
alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gazanylan
ylalaşyklaryň we öň gol çekilen resminamalaryň ýakyn döwür içinde durmuşa
geçirilmegi babatynda işjeň pikirler alyşyldy.
Şol bir wagtyň özünde, taraplar
söwda we ykdysady ugurda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
geljegini bellediler we mundan beýläk hem giňeltmäge bolan isleglerini beýan
etdiler.
BAE-de türkmen
wekiliýetiniň sapary dowam edýär.