9-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň
dowamynda Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy
2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň
taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş
depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle
hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly
güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe
golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek,
kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň
paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek
pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň
girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde
tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine
maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat
möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Mejlisiň dowamynda bu Maksatnamany tassyklamak boýunça degişli Karara gol
çekildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, milli
ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige
ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak, ykdysadyýetde hususy
bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Döwlet býujeti ýurduň esasy maliýe guraly bolup durýar diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi we Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça,
şeýle hem onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmagyň we peýdalanylyşyna
gözegçilik etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň wajyp ornunyň
bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine
ýardam bermek üçin bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa
geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek,
hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly
taslamalar üçin karz serişdelerini bermek, ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini
gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlary bermek babatda işleri dowam
etdirmäge degişli görkezmeler berildi.
Bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak, daşary ykdysady şertleriň
ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri
geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz milli
ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawynyň berilmegini, milli pulumyzyň
hümmetiniň saklanylmagyny, bank hyzmatlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda
hödürlenilmegini, çekilen serişdeleriň netijeli ulanylmagyny gaýragoýulmasyz
wezipeleriň hatarynda görkezdi.