Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, instruktor-kosmonawt, «Roskosmos» kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça rekord goýmagyň hötdesinden geldi.

Ol bu ugurda bäş gezek kosmosda bolmagynyň umumy dowamlylygynyň 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunda barabar wagty bilen kosmosda bolan öz kärdeşi Gennadiý Padalkadan hem öňe geçdi.

Wezipäniň tamamlanmagy bilen, 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Kononenko kosmosda müň günden gowrak wagt geçiren ilkinji ynsan bolar. Kosmonawt bu rekordy 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen 00:00-da goýar. Uçuşyň umumy wagty 1110 güne ýeter.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat (Türkmenistan) şäherinde dünýä indi. 1988-nji ýylda Žukowskiý adyndaky Harkow awiasiýa institutynda bilim aldy. 1996-njy ýyldan 1998-nji ýyla çenli Gagarin adyndaky kosmonawt okuw merkezinde tälim aldy. Kononenko, Halkara älem bekediniň 17-nji esasy ekspedisiýasynyň çäklerinde 2008-nji ýylyň aprelinde kosmosa ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.

Çeşme: Halkara habarlar merkezi