Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli
gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyz
Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen
halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik
kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet
konserni 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi
hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer.