Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow Budapeştde birnäçe
resmi gepleşikleri geçirdi. Bu duşuşyklaryň maksady döwletleriň arasyndaky
ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Wengriýanyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet boýunça
Döwlet sekretarynyň orunbasary Mate Winse bilen geçirilen duşuşykda görnükli
türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň
mümkinçiliklerini-de seredildi.
Bellenilişi ýaly, jenap Winse türkmen tarapyny Wengriýada
geçiriljek medeni çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Ilçi H.Amannazarow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy mynasybetli köp sanly medeni çäreleriň meýilleşdirilýändigi barada
belläp, wengriýaly medeniýet we sungat işgärlerini, alymlar dabaralara
gatnaşmaga çagyrdy.
Medeni hyzmatdaşlyk meselelerinden başga-da, türkmen
ilçisiniň geçiren ýygnaklarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, H.Amannazarow
Wengriýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň Gündogar
gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça orunbasary Adam Ştifter bilen söwda, ykdysady
we medeni gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar
şu ýyl ýetip gelýän wakalar we syýasy gepleşiklere taýýarlyk barada
maglumatlary alyşdylar.
Mundan başga-da, ilçi Arkadag şäheri bilen Wengriýanyň
şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada
pikirini beýan etdi.