Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow şu ýylyň 31-nji ýanwarynda Doha şäherinde Katar Döwletiniň Söwda–senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-katar işewürlik forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösýändigini aýdyp, özara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde giň mümkinçilikleriň we çeşmeleriň bardygyny bellediler.

Geçen ýylyň iýul aýynda Kataryň söwda palatasynyň geňeşiniň agzasy Mohamed bin Ahmed Al Obaidly iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen katar-türkmen işewürlik geňeşini döretmegi teklip edipdi.