Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň
Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler
ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami
Masakiniň arasynda geçirilen duşuşykda 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän
Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen
bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary
syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylda Astanada
meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini
geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2024-nji
ýylda, Ýaponiýanyň başlangyjy bilen döredilen, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa”
dialogyna 20 ýyllygynyň dolýandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk,
ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde,
ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň
ösmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.