Daşary ýurt puluna Birleşen Arap
Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň
tehnologik desgalarynda öndürilen polipropileni, BAE-niň işewür toparlarynyň
wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
tehniki uglerody satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt
puluna BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň,
Gyrgyz Respublikasynyň telekeçilerine nah matalar we nah ýüplük, erkek adamlar
üçin köýnekler, jins matasy, dikeldilen süýüm, ýüpek çig maly, pagta
galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň
dollaryna golaý boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki
bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
polipropileni we nebit ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň
jemi bahasy 24 million 387 müň manatdan gowrak boldy.