29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Wise-prezidenti K.Iwanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly
döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ermeni bazarynda “Made in Turkmenistan” ýazgysy bolan
türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň ýokarlanýandygy bellenildi we iki
döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň sanawyny baýlaşdyrmaga taraplaryň
taýýardygy beýan edildi we bu ugurda Karen Iwanow Ermenistanda Türkmenistanyň
söwda öýüniň açylmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti, şeýle hem, Ermenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde
geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan
and Turkmen Food» atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada
habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasynyň
meselelerini we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelelerini ara alyp
maslahatlaşdylar.