Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,1% artdy. Bu barada anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 5,3% ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,5% artdy.
Şeýle hem, ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 120,4%, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 92,2% ýerine ýetirildi.
Wise-premýer döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hem hasabat berdi. Şu döwürde jemi 52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.