29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere
garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine
ýetirilýär. Ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de
gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme
taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny we degişli tehnikalary
ekişe doly taýýar etmek boýunça çäreler görülýär.
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri
bilen birlikde, oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we
netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak,
suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Mundan
başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý hem-de
gowaça ekiljek meýdanlaryndaky alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine
ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin
welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny
taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, olaryň
ekiljek ýerlerini, tohumlaryny, tehnikalary möwsüme taýýar etmek boýunça zerur
işler ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny gazmak, arassalamak babatda
degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän döwründe welaýatda medeni-durmuş
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik
energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda
ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine
taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatdaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty
bilen dowam etdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg
işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny
we gurallary abatlamak, pagta öndürijileri sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk
gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen doly üpjün etmek boýunça zerur işler
durmuşa geçirilýär. Welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky
ekişine taýýarlyk görülýär, hususan-da, bu ekinleriň ekiljek ýerlerini,
tohumlaryny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş
möwsümine taýýarlyk bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini
arassalamak, suwaryş, şor suw akabalaryny gazmak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gyş möwsüminde
welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz
suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine ýokary
guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň agrotehnikanyň talaplaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça
tohumlarynyň, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň,
olaryň tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime
tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak,
ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba
hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri gowaça
tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda
2024-nji ýylda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Sebitde ekilmegi meýilleşdirilýän
ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, olaryň
tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereklerinde, suwaryş, şor suw akabalarynda
arassaçylyk işleri geçirilýär.
Häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş
jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme taýýar
edilmegini, ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek
işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamagyň
çäklerinde ýerleri sürmek, tekizlemek, geriş çekmek, mineral dökünler bilen
gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk
gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary
ekiş möwsümine doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýeralmanyň we
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine hem taýýarlyk görülýär. Bu ekinleriň
ekilmeli ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak, ekişde ulanyljak gurallary
abatlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri bilen
bir hatarda, ekin meýdanlarynyň daş-töwereklerini, suwaryş, şor suw akabalaryny
arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda,
welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz
suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlaryň, pagtaçy kärendeçiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň
ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik
edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda bugdaýyň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp,
welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine
taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri
dowam edýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek
üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba
hojalyk tehnikalary we gurallar abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Şeýle hem
wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ýazky ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba
hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
esasy wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň ak ekin
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba
hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini,
ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk
görülmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda şu ýyl
üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm
talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda
birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz
welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen
iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri
ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.