27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Maslahatda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlaryň
sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça,
şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň öňünde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda ileri tutulýan
ugurlar bilen baglanyşykly alnyp barylmaly işlere-de garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň ýurdumyzyň milli parlamenti, jemgyýetçilik birleşikleri, döwlet
edaralary bilen bilelikdäki işleriniň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda
dowam etdirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi. Her bir işiň halk köpçüligine
ýetirilmelidigine, ýurdumyzyň islendik kärde döredijilikli zähmet çekýän
raýatlaryny geljekki üstünliklere ruhlandyrmagyň ägirt uly ähmiýetine üns çekildi.
Iş maslahatynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işiniň möhümdigi
nygtaldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ägirt uly durmuş tejribesi bolan ýaşululary
halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli
geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini
üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, döwletimizde Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işleriň
many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny wagyz-nesihat
etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan asylly işiniň wajypdygy aýdyldy.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz”
diýen paýhasly jümlesinden ugur alyp, ýurdumyzda il sylagly ýaşulularyň
gatnaşmagynda ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň
ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini üstünlikli
ýerine ýetirmek, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere ýaşlaryň
yzygiderli gatnaşmaklaryny üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda
kesgitlenildi.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna
degişli terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga
aýratyn üns beripdir. Döwletimizde gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglary,
umumybilim berýän mekdepler, ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri, çagalar
sagaldyş-dynç alyş merkezleri Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin
niýetlenendir diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şoňa görä-de, ösüp gelýän ýaş
nesilleriň hemmetaraplaýyn alada hem-de mähir bilen gurşalmagy, paýhasly
pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde
üstünlikli dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaşlaryň
bilim-terbiýeli, watansöýüji bolup ýetişmekleri, täzeçil tehnologiýalara
ussatlyk bilen erk edip bilmekleri ugrunda döwlet tarapyndan uly alada
edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz ýaşulularyň jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri
pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete, asylly işlere höwesini artdyrmakda
aýratyn orun eýeleýändiklerini belläp, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň
mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, Milli Liderimiz mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün
edilmeginiň wajypdygyny belledi.
Iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar netijeli işlemek babatda döredilýän
mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
hoşallyklaryny bildirdiler. Şeýle hem olar jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm
ähmiýeti bolan çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.