26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam
arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, amala aşyrylýan kanun
çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda adam
hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny
has-da pugtalandyrmak, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany
tygşytlamak, energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işiniň hukuk
esaslaryny kesgitlemek bilen bagly Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny
taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň
Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar
girizilýär, birnäçe kanunlaryň kadalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.
Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň
çäklerinde anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy
boýunça Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şonuň ýaly-da, Hytaý Halk
Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň doly ygtyýarly wekilleri bilen
duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan
beýläk-de ilerletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň
deputatlarynyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, milli
kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, 2024-nji ýylyň
şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny
wagyz etmek boýunça geçirilýän duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýandyklary,
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylygy mundan
beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik
edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda
kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görülýän çäreler
barada-da aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, maliýe-ykdysady topluma girýän
guramalaryň, bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda
amala aşyrylýan işlere üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny
özgertmek işini dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit”
döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze
görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda nebithimiýa senagatyny
ösdürmek, halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak hem-de önümleriň görnüşlerini
artdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň
önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel
hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga
niýetlenendir. Şeýle-de zawodlar toplumynda “SAE 50 API CF-4” kysymly motor
ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtoulaglarda hem-de
beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde
tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebit önümlerini öndürmegiň täze
usullaryny öwrenmegiň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň
talaplaryna laýyk getirmegiň, has ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmegiň
ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleridigini belledi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň
birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly
islegden peýdalanýar. Täze önümler ýurdumyzda bu ugurda öndürilýän önümleriň
görnüşlerini has-da artdyrar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat
toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişine taýýarlyk
görülýär, sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen
birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri dowam edýär. Ekerançylyk
meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine berilýän suw
serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
kadaly derejede saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, suwaryş hem-de şor
suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada-da
aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak,
olary ylmy taýdan öwrenmek hem-de dikeltmek, geljek nesillerimize ýetirmek
babatda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynda türkmen arçasy, dagdan, pisse
agaçlarynyň, aýratyn goralýan tebigy ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň seýrek we
gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak
boýunça goraghanalaryň ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, döwlet tebigy we çäkli goraghanalarynda ýabany
haýwanlary, ýurdumyzda gyşlaýan, göçýän guşlary goramak hem-de seýrek duş
gelýän ýabany haýwanlaryň sanyny hasaba almak babatda ylmy-barlag işleri alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip
ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek
üçin guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk
ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere
ýurdumyzyň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap
saklamak, baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk
gözegçilik etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzy
abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Aşgabadyň şähergurluşyk, binagärlik
keşbini has-da gözelleşdirmek, paýtagtymyzy ýaşamak, zähmet çekmek, medeniýetli
dynç almak üçin amatly şähere öwürmek babatda nusgalyk işler amala aşyrylýar.
Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil
ýollarynyň, seýilgähleriň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Paýtagtymyzdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň
tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Durkuny täzelemek işleriniň
çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny,
dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak
hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de
seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek
göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu günki gün Aşgabat şäheriniň
binagärlik keşbiniň has-da gözelleşýändigini belledi. Paýtagtymyzda ýaşamak,
işlemek we dynç almak üçin nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV
ýyllygy” seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bag-bossanly künjekde
paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini
belläp, onuň ak şäherimiziň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanda
öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlar bilen
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
“Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna”
hem-de “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini
2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna” laýyklykda, türkmen
önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde tutulan
çäreleri ýerine ýetirmek babatda işler alnyp barylýar. Söwda-senagat edarasynda
degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda
pudagara iş topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar tarapyndan
“Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt
nyşany hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektron
söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri taýýarlamakda we
ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşany bilen öndürilýän
önümleriň möçberini we görnüşini has-da artdyrmak boýunça degişli işleri
geçirmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk
we dokma önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmakda mahabat işlerini
yzygiderli guramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň
işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda
birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral
aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp
ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geljek aýda dürli döredijilik duşuşyklaryny,
brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, sanly ulgam arkaly
ylmy-usuly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary
geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, çeper okaýyşlary guramak, dürli
bäsleşikleri yglan etmek, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek,
sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle
hem şanly seneler we täze desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek medeni
çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň
ulanmaga beriljekdigini, birnäçe dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere fewral aýynda göz öňünde tutulan
çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanda
ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topara hödürlenen
teklipler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň
netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» Kararyndan
gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýerli çig mallar esasynda daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we bäsdeşlige ukyply önümleri
öndürmek, milli önümçilikleri giňeltmek boýunça tehnologiýalar işlenip
taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara
topar tarapyndan seljerilen we döwletimiziň innowasion ösüşine ýardam berjek
ykdysady bähbitli teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy
pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary, hususan-da, sanly ulgamy giňden
ornaşdyrmagyň, bu babatda degişli ylmy-barlaglary geçirmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň
21 — 24-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada
hasabat berdi. Saparyň çäklerinde Tokioda Ýaponiýanyň Hökümetiniň,
Parlamentiniň, iri maliýe-söwda guramalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary
bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.
Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen
duşuşyk guraldy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna
we ony mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meselelere garaldy. Hususan-da, şu
ýylda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy döwletleriň
Baştutanlarynyň ilkinji sammitini geçirmek bilen bagly mesele ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy,
Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen
duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň
arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Gahryman
Arkadagymyzyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” parlamentara forumyny
geçirmek barada öňe süren başlangyjyny bilelikde amala aşyrmak hakyndaky
teklibi beýan edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň
daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde
ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere aýratyn ornuň degişlidigi
nygtaldy.
Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen
geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan
beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine, onuň anyk ugurlaryna, şol sanda wodorod
öndürmegiň we daşamagyň tehnologiýalary, söwda-täjirçilik, energetika ýaly
ugurlarda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine garaldy. Ýaponiýanyň sanly ulgam
işleri ministri Taro Kono bilen geçirilen gepleşikleriň gün tertibine sanlylaşdyrmak
we kiberhowpsuzlyk, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, telelukmançylyk,
saglygy goraýyş, “akylly” şäherleri gurmak, durnukly ösüş ýaly möhüm ugurlarda
hyzmatdaşlyk etmek meseleleri girizildi.
Şeýle hem Ýaponiýanyň Eksporty we importy ätiýaçlandyryş agentliginiň
(NEXI) başlygy, ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda, Daşary söwda işleri
guramasynyň (JETRO) başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory Işiguro Norihiko
bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda söwda we maýa goýum ugurly
gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmegiň gurallaryny
kämilleşdirmek, ugurdaş okuw maslahatlaryny guramak, halkara maliýe
düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi
ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da,
Türkmenistanda JETRO-nyň wekilhanasyny açmagyň, ýurtlaryň ikisinde-de söwda
öýleriniň işini ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň
wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Komitetiň düzümine dostlukly ýurduň
öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň birnäçesi girýär. Duşuşykda gazhimiýa
senagatyna degişli täze kärhanalary gurmak, birnäçe desgalaryň durkuny
täzelemek, ýapon tehnikalaryny we awtoulag serişdelerini satyn almak, wodorod
energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke hem-de Soka
uniwersitetiniň prezidenti Masaşi Suzuki bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda
ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine garaldy. Bu ulgamda birnäçe
geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýaş mugallymlary
taýýarlamagyň, talyplary alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle
hem Sukuba uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen
“Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.
Iş saparynyň jemleri boýunça umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly
türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen
resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä
ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Türkmen-ýapon
hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, ol ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
görnüşde üstünlikli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň golaýda Tokio amala aşyran
iş saparynyň hem döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine aýdyň şaýatlyk
edýändigini, saparyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň ýaponiýaly
kärdeşleri bilen geçiren gepleşikleriniň, barşynda syýasy, ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ençeme meselelerine garalmagynyň,
ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmeginiň möhüm ähmiýete
eýedigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň
arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilik
berjekdigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak
we gämileriň gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, halkara
standartlara laýyklykda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan
beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala
aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä
standartlaryna laýyklykda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen
söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara Deňiz
Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna
goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, deňiz-derýa pudagynyň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna
bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy
we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.