Hökümetiň 26-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanda öndürildi” milli
haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlar bilen
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa
geçirilýär.
“Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda
Strategiýasyna” hem-de “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary
guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna” laýyklykda,
türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde
tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda işler alnyp barylýar. Söwda-senagat
edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
gatnaşmagynda pudagara iş topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar tarapyndan
“Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt
nyşany hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri
taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň
zerurdygyny nygtady. Şeýle hem «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşany
bilen öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşini has-da artdyrmak boýunça
degişli işleri geçirmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän
ýokary hilli azyk we dokma önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmakda
mahabat işlerini yzygiderli guramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda
ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip,
wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenmetbugat