Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Bereket hem-de Gyzylarbat
etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň
awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap
edara binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.
Dabaralarda çykyş edenler olara gatnaşyjylary edara binalarynyň ulanyşa
tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Şeýle-de olar içeri işler
edaralarynyň maddy–enjamlaýyn binýadyny hem-de ýurdumyzyň ulag düzümini yzygiderli
kämilleşdirmekde döwletimiz tarapyndan uly işleriň durmuşa geçirilýändigini
hoşallyk bilen aýratyn belläp geçdiler.
Täsirli, şowhunly geçen dabaralaryň dowamynda Günbatar sebitiň
aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belentden
ýaňlandy.
Soňra dabaralara gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we
hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň döwrebap iş mümkinçilikleri bilen
içgin tanyşdylar. Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly
ulgam bolsa dabaralara gatnaşanlarda gyzyklanmalar döretdi. Binalaryň
dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň we tehnikanyň soňky
gazananlaryna daýanýan kuwwatly anyklaýyş, bejeriş we ölçeýji enjamlar
bilen üpjün edilmegem awtoulaglara tehniki gözegçilik işlerini ýokary hilli
guramaga mümkinçilik döredýär. Şonuň ýaly-da ösen enjamlaryň kömegi bilen
awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy kesgitlenýär.
Mundan başga-da, ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, olaryň
işlän wagty bölüp çykarýan gazynyň möçberi, tizlik görkezijisiniň işleýşi
anyklanýar. Şeýlelikde, kompýuterler arkaly işleýän kämil enjamlar dürli
kysymly ulag serişdeleriniň tehniki guratlygyny barlap, şonuň netijesinde
näsazlyklary dessine düzetmäge mümkinçilik berýär.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»