22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler
ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokioda Ýaponiýanyň
işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Bu duşuşyk ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de
mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi.
Türkmen tarapy energetika,
mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda
taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara
gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigi barada belledi.
Bu babatynda 2022-nji ýylyň
sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şol duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine we hil taýdan täze
derejä çykarylmagyna gönükdirilen anyk başlangyçlar öňe sürüldi.
Duşuşykda geljegi uly bolan
taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine üns çekildi. Hususan-da, özüne düşýän
gymmaty ýokary bolan önümleriň eksport edilmegine ýapon kompaniýalarynyň
çekilmegi, taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň diwersifikasiýasy, “ýaşyl” we
wodorod energetikasy boýunça tejribäniň öwrenilmegi, döwrebap ýokary
tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň amala
aşyrylmagyna kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň çekilmegi boýunça
meseleler maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda ýapon
kompaniýalary senagat we energetika geçişi bilen bagly taslamalary amala
aşyrmaklyga uly gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soň,
türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklar
geçirildi.