23-nji ýanwarda Tokio şäherinde
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler
ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň
duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Şeýle-de,
duşuşykda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji
sammitini geçirmek boýunça meseleler hem maslahatlaşyldy.
Parlament diplomatiýasynyň ornuna hem
ýokary baha berilip, türkmen-ýapon parlament wekilleriniň birek-biregiňkä
saparlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen
baglylykda, ýylyň dowamynda parlament wekilleriniň amala aşyrjak saparlary barada
pikir alyşmalar geçirildi.
Diplomatlar daşary syýasat edaralarynyň
arasynda ýolbaşçy düzümiň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de
halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmek arkaly hyzmatdaşlygyň
depginini artdyrmagy ylalaşdylar.
Taraplar iki ýurduň halkara düzümleriň
çäklerinde ýola goýan gatnaşyklaryna oňyn baha berdiler.
Şeýle-de, strategiki, durnukly we
uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine hem
uly üns berildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamda iki döwletiň
bilim, ylym, medeni alyş-çalşygy, ýapon diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça
netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi.
Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň
geljegi uly bolan ugurlary hökmünde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary,
daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi meseleleri kesgitlenildi.
Ministrler iki tarapyň hem gyzyklanmasyna eýe bolan halkara we sebit gün-tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.