9-njy fewralda Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli 47 desgany hususy taraplara satmak maksady bilen bäsleşikli söwda geçiriler. Bu baradaky bildiriş Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan www.е.fineconomic.gov.tm. döwlet eýeçililikleriniň söwda sanly meýdançasynda geçiriler. Bäsleşikli söwda gatnaşyjylary bellige almak işi 1 sagat öňünden – 09:00-da başlanýar.

Bäsleşikli söwdada Daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, “Türkmenawtoulaglary” agentligine, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimliklerine, “Türkmenbaşy” bankyna, Awtomobil ýollaryny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, “Türkmenhaly” döwlet birleşigine we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli desgalar hususylaşdyrylýar.


Çeşme: Türkmenmetbugat