Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň
wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar
berýär.
Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge
gönükdirildi.
Türkmen tarapy energetika, mineral
serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň
amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň
depginli ösdürilýändigi barada belledi.
Bu babatynda 2022-nji ýylyň sentýabrynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon
işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol duşuşykda
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüdrilmegine we hil taýdan täze derejä
çykarylmagyna gönükdirilen anyk başlangyçlar öňe sürüldi.
Duşuşykda geljegi uly bolan taslamalary
amala aşyrmagyň meselelerine üns çekildi. Hususan-da, özüne düşýän gymmaty
ýokary bolan önümleriň eksport edilmegine ýapon kompaniýalarynyň çekilmegi,
taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň diwersifikasiýasy, “ýaşyl” we wodorod
energetikasy boýunça tejribäniň öwrenilmegi, döwrebap ýokary
tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň amala
aşyrylmagyna kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň çekilmegi boýunça
meseleler maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda ýapon kompaniýalary
senagat we energetika geçişi bilen bagly taslamalary amala aşyrmaklyga uly
gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen
ýapon kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.