Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 120 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we gaplaýyş plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny hem-de ýüpek çig-malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 40 million 645 müň manatdan gowrak boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy