Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy
M.Gurdowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Ali Mojtäba Ruzbehani bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň
arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da gowulandyrmak we özara
hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň
barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň
yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek, serhetýaka sebitlerdäki telekeçileriň
arasynda çäreleri geçirmek we türkmen-eýran sergilerini we ýarmarkalaryny
bilelikde guramak barada pikir alyşdylar.
EYR-niň
ilçisi 27-nji aprelden 2-nji maý aralygynda Tähranda geçiriljek «ExpoIran-2024»
halkara sergisine gatnaşmagy-da işewür gatnaşyklary ösdürmek we türkmen
telekeçileriniň eksport önümlerini öňe sürmek mümkinçilikleriniň arasynda
agzady. Bu Eýranyň eksport mümkinçilikleriniň pudagara sergisiniň altynjy
neşiridir, ol sebitdäki ýurtlaryň öndürijileri bilen eksportçylaryň arasynda
göni aragatnaşyk üçin täsirli iş ýerligidir.
Sergide
önümçiligiň dürli pudaklary, hyzmatlary we önümleri görkeziler. Şularyň
hatarynda magdan we nebit-himiýa, telekommunikasiýa we mehanika, oba hojalygy
we maldarçylyk, bilim we syýahatçylyk, maliýe, hukuk we ulag hyzmatlary, azyk
önümleri, awtoulaglar, elektrotehnika we elektronika, elde dokalan we maşyn
halylary, hojalyk enjamlary, dokma önümleri, gön we geýim, lukmançylyk we
barlaghana enjamlary, sanitariýa we gigiýena esbaplary bolar.
Çeşme:
«Türkmenistan:
Altyn asyr»