22-23-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid
Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala
aşyrýar.
Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we
eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň
ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary berkitmek, parlament ugry
boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasy-diplomatik işjeňligi artdyrmak,
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de ylym-bilim hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler.