20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň
etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana
toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewi bilen
didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy
meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri,
düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Milli
Liderimiz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen
paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary
bilen gyzyklandy.
Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi.
Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň gözel
keşbe girýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherinde
degişli ekologik ýagdaýy saklamak taslama düzüjilere we gurluşykçylara
bildirilýän esasy talaplardyr.
Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň athana toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen
halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş
dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi we
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti garşyladylar.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz bu ýerde
täze şäheriň athana toplumynyň binalary, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary we
toplumyň iş otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Halkara “Türkmen
alabaý itleri” assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
wise-prezidenti B.Rejebow 600 orunlyk athana toplumynda atşynaslaryň
öndürijilikli işlemekleri, bu ýerde atçylyga degişli ylmy işleri alyp barmak
ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigi üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz täze toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşlygyň dowamynda bu
ýerde milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, dünýäde wagyz etmek ugrunda ähli
zerur şertleriň döredilendigini belläp, atşynaslygyň milli ýörelgeleriniň
häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy babatda maslahatlaryny we
öwüt-ündewlerini berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Hanbeg atly behişdi bedew bilen
didarlaşdy. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan yzygiderli tagalla edilmegi
netijesinde, ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän
ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär.
Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewiň jylawyndan tutup, birsellem gezim
etdi.
Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedewleriň säher çagynda gezdirilmeginiň
olaryň beden gurluşynda, sagdynlygynda bolşy ýaly, ýyndamlygyna-da oňyn täsiri
bar. Gyş paslynyň säheri dag etekleriniň gözelligini artdyrýar. Bu ýerde amatly
howa gurşawy emele geldi. Şunuň ýaly gözel görnüşi we ýakymly howasy bolan
künjekde gezim etmek ruhubelentlik döredýär. Bu ýagdaý bedewler üçin hem amatly
şertleriň biri hasaplanýar.
Gahryman Arkadagymyz bedewe atlanyp, gezim etdi. Dünýäde iň naýbaşy
tohumlaryň biri hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şanyna taryhyň dowamynda
dürli eserler döredildi. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýman tagtyna
deňelýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine
aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. “At — myrat” diýen paýhasly
jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke
bedewleri bilen baglapdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Häzirki
döwürde şöhratly pederlerimiziň bedewler bilen baglanyşykly döreden dünýä
nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň
tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär.
Milli Liderimiz atly gezelenjiň dowamynda bedewi gorgunyna goýberdi. Ussat
seýisleriň elinden çykan, idegi ýetirilen bedew buýsançly başyny belent tutup,
gorgunlady. Bu görnüşler ýurdumyzda milli atçylyk däpleriniň döwrüň talabyna
laýyk derejede ösdürilýändigini şöhlelendirýär. Arkadag şäherinde täze athana
toplumynyň gurulmagy, bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk
ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, dünýä derejesinde bina edilen Halkara
ahalteke atçylyk sport toplumynyň bolmagy milli atşynaslyk ýörelgeleriniň
hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilýändigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň atlanan ynsan gylykly bedewi bagtyýar zamanamyza
buýsanýan mysaly ruhy göterilip, badyny artdyrdy. Bu görnüşler ösüşiň
belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem belent maksatlaryň hasyl
boljakdygynyň, täze ýylyň uly rowaçlyklara beslenjekdiginiň aýdyň beýanyna
öwrüldi.
Häzirki wagtda Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda
terbiýelenmegi bilen bir hatarda, olaryň zähmete bolan söýgüsiniň
artdyrylmagyna-da uly üns berilýär. Şunda ýaşlaryň halkymyzyň döreden milli
gymmatlyklaryna, aýratyn-da, ahalteke bedewlerine söýgüsini artdyrmak
meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ynsan bilen
bedewiň arasyndaky dostlukdan nyşandyr.
Gahryman Arkadagymyz atly gezelenji tamamlap, bedewi idip athana eltdi we
onuň bilen hoşlaşdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň
hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly
desgalaryň, muzeýiň, saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasynyň,
“Saglyk” seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde
Arkadag şäheriniň baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklarynyň, lukmançylyk
edaralaryna degişli nyşanlaryň görnüşleriniň taslamalary bar.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, Oba hojalyk
uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamasyna degişli düzedişleri girizdi.
Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynda alnyp barylýan işler
yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Gurluşyk senagatynyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän täze
şäheriň gurulmagynyň ähmiýeti barada durup geçip, Arkadagymyz bu ýerde alnyp
barylýan işleriň taryhy ähmiýetiniň bardygyny, hut şonuň üçin hem ýerine
ýetirilýän gurluşyk işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp
barylmalydygyny belledi. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki
zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Gurluşyk işlerinde täzeçil
tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň peýdalanylmalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag
şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň, binalaryň
şekil taslamalarynyň taýýarlanylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna,
önümçiligiň nyşanlaryna we hil derejesine möhüm üns berilmelidigini belledi.
Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryň zamanasydygyny nazara alyp, ähli
ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda täzeçil
tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly ulgamyň netijeli
ulanylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde duran
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişine örän jogapkärçilikli
çemeleşilmelidigini belledi. Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň önümçilik
kuwwatlyklaryna niýetlenen güwänamalaryň, önümçiligiň söwda nyşanlarynyň
döwrebap derejede taýýarlanylmagyna häzirki zamanyň talaby esasynda
çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda täzeçil ýörelgeleriň
işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyklaryň
ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde
tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde alnyp barylýan işler,
gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerindäki
işleriň bellenilen möhletinden yza galýandygyny aýdyp, D.Orazowyň bu ugurda
alyp barýan işleriniň guralyşyna nägilelik bildirdi. Gurluşyk işlerinde,
Arkadag şäheriniň ekologik ýagdaýyna bolşy ýaly, desgalaryň öz wagtynda
ulanmaga berilmegine-de möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda degişli talaplaryň
berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy möhüm
wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze şähere ilaty göçürip getirmek
boýunça alnyp barylýan işler, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýluşy
barada hasabat berdi. Şunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün
edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip
getirmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurdaky işleriň alnyp
barlyşyna nägilelik bildirdi. Ýaşaýyş jaýlaryna ilatyň göçürilmegi bilen
baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilmelidir. Ilatymyzyň täze şäherde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp
ýaşamaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir diýip, Halk Maslahatynyň
Başlygy belledi. Şunda söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, hyzmatlar
ulgamyndaky bökdençlikleri aradan aýyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi
hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy D.Orazowa we Ş.Durdylyýewe
ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek hem-de Arkadag şäheriniň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli
gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi, häzirki
döwrüň şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişinde bolşy ýaly, şäher
ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerinde hem bildirilýän
möhüm talaplaryň biri bolup durýar.
Soňra iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy
H.Hajymyradowyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowyň
gatnaşmagynda dowam etdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk
toplumynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy
Gahryman Arkadagymyza toplumyň çäginde ýerine ýetiriljek işleriň görnüşleri,
aýratyn-da, binalaryň içki bezegi boýunça taýýarlanylan taslamalary, toplumyň
binalarynyň enjamlarynyň görnüşlerini görkezdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara
birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Toplumyň binalarynyň
içki bezegi bu ýerde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine kybap gelmelidir. Şunda
häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna
zerur üns berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda gymmatly
maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiziň garamagyna toplumyň
binalarynyň daşky görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, onuň çäginde bar bolan gök
zolaklaryň, ulag ýollarynyň we ýanýodalaryň durkuny täzelemek boýunça
taslamalar, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly
çyzgylar görkezildi. Şolaryň hatarynda 60-a golaý bedewe niýetlenen 7 sany
athananyň, ot-iým ammarlarynyň taslamalary bar.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak
işlerinde binagärligiň milli ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi
utgaşdyrylmalydyr. Şunda ulanylýan serişdeler berkligi we uzak möhletleýinligi
babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi, gurluşyk
işlerinde bolşy ýaly, binalaryň bezeg işlerinde hem aýratyn ähmiýetlidir.
Soňra Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara Russiýanyň
Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Russiýanyň Kinologiýa federasiýasy
1991-nji ýylda döredilip, Halkara kinologiýa federasiýasynda Russiýanyň
ýeke-täk resmi wekili bolup durýar. Ol Russiýanyň iri itşynaslyk birleşigidir.
Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň düzümine Russiýanyň Gulluk
itşynaslygy federasiýasy, Awçylyk itşynaslygy federasiýasy, Höwesjeňleriň
itşynaslygy federasiýasy, Garaşsyz itşynaslaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň
Bütinrussiýa assosiasiýasy girýär. Häzirki wagtda federasiýanyň tohum
kitabynda, takmynan, 5,5 million it, 1427 kinologiýa kluby, ýurduň ähli
sebitinde 22358 sany it saklanýan desgalar hasaba alnandyr.
2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa
owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda
ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman
Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby
we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy.
2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat
berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen
ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.
Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy
üçin mynasyp boldy. Bu ugurda gatnaşyjylaryň boýuna, agramyna, beden gurluşyna,
gözelligine we Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna
laýyk gelýändigine üns berilýär. Ikinji sylaga bolsa ol 17-nji ýanwarda
düşbüligi, ünslüligi üçin mynasyp boldy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi
boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.
Akdost Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we
bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady. Bu ýaryşlarda ol eminleriň ýokary
bahalaryna mynasyp boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de Halkara
“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa türkmen alabaýynyň 2024-nji ýylyň
15 — 17-nji ýanwary aralygynda geçirilen bäsleşiklerde mynasyp bolan
güwänamalaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy we hemmeleri bu ýokary derejeli
sylaglar bilen gutlap, üstünlik arzuw etdi.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow türkmen alabaýlarynyň dünýä
ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny alamatlandyrýan güwänamalary uly
buýsanç bilen kabul etdi.
Soňra B.Rejebow ahalteke bedewleriniň we türkmeniň nepis halylarynyň, şeýle
hem türkmen alabaýlarynyň şöhratynyň dünýäde giňden wagyz edilmegi ugrunda
döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.
Wise-prezident “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji
günleriniň şatlykly wakalara beslenýändigini belläp, Russiýadan gelip gowşan
hoş habaryň halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň itşynaslaryny begendirendigini
nygtady. Bu barada aýtmak bilen, B.Rejebow häzirki döwrüň şatlykly wakalaryna
hoşallygyň nyşany hökmünde Şatlyk atly alabaý güjüjegi hormatly Prezidentimize
gowşuryp bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Milli Liderimiz alabaý güjüjegi bilen bilelikde athana toplumynyň manežine
bardy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Arkadagymyz ir säher
bilen gezelenç eden Hanbeg atly atyna atlanyp, manežiň ugry boýunça öwrüm etdi.
Şu pursatda Şatlyk hem at üstünde öwrüm edýän Gahryman Arkadagymyzyň yzyndan
galmady. Bu görnüşler ynsan bilen eýesine wepalylygy, üşükliligi bilen
tapawutlanýan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň özara gatnaşygynda aýratyn
hoşniýetliligiň bardygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi taryhy
müňýyllyklara uzap gidýän ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň türkmen halkynyň
durmuşy bilen ysnyşandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan yzygiderli tagallalaryň edilmegi
netijesinde, ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän
ahalteke bedewleriniň, türkmen alabaýlarynyň halkara giňişlikdäki abraýy barha
belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyz atly gezelenji tamamlap, bedew bilen
hoşlaşdy we Şatlyk atly alabaý bilen ulaga mündi. Şol pursatda Hanbeg atly
bedew Gahryman Arkadagymyzyň ulagynyň ýanyna geldi. Düşbi bedew aýaklary bilen
peşäp, Milli Liderimizi ak ýola ugradýan mysaly başyny silkeledi. Alym
Arkadagymyz bedewiň başyny sypalap durşuna hemmelere alyp barýan işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.