20-nji ýanwarda
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi
geçirildi.
Mejlisiň işine
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli
ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri
gatnaşdylar.
R.Meredow duşuşygy
açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň
dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri barada durup geçdi we geljekde
amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.
Duşuşykda 2023-nji
ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 4 sany halkara
resminama gol çekilendigi, türkmen halkynyň baý medeni we tebigy mirasyny gorap
saklamaga, olaryň halkara derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen
çäreleriň geçirilendigi barada bellenildi.
Türkmenistanyň
milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek
boýunça geçirilen bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen
baglylykda, geçen ýylda «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi» hem-de
«Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary, «Ahalteke
atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama UNESCO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birliklerindäki wekilçiligini artdyrmaga
gönükdirilen işleriň çäklerinde guramanyň Bedentertiýe we sport baradaky
Hökümetara komitetine (CIGEPS) 2023-2027-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy.
Şeýle-de,
ÝUNESKO-nyň UNITWIN maksatnamasy hem-de Assosirlenen mekdepler tory ugry
boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde
ÝUNESKO kafedralary açyldy we orta bilim mekdepleriniň 6-sy Guramanyň
Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasy UNESCO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul
edildi.
Geçen ýylda akyldar
şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy»
maksatnamasynyň Halkara sanawyna we Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň
2024-2025-nji ýyllarda bu Gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň
sanawyna goşuldy.
Duşuşygyň dowamynda
oňa gatnaşyjylar mejlisiň gün-tertibinde duran möhüm meseleler boýunça pikir
alyşdylar we 2024-nji ýylda ÝUNESKO bilen bilelikde geçirilmegi göz öňünde
tutulýan çärelere taýýarlyk görmegiň ähmiýetine üns çekdiler.
Mejlisiň barşynda
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2024-nji ýyl üçin iş
meýilnamasynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.