19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem
beýleki meselelere garaldy.
Mejlisde
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Maliýe we
ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen
bilelikde “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi. Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” hem-de 2024-nji
ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanyldy.
Maksatnamanyň
taslamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady taýdan
durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny
artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we
sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de
senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak,
sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Milli
ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň
ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik
taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň
öndürilişini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň
bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw
bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyza ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat,
durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek,
kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny
döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam
etdiriler.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň
döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň
we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Maksatnamanyň taslamasynda şu ýylda
ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça
önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere, welaýatlar we şäherler
boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir gezek seretmek
tabşyryldy.