Türkmenistanyň paýtagtynda «Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek: BMG-niň ösüş maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň hyzmatlary we gurallary» ady bilen webinar geçirildi. Ol BMGÖM-niň hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy. Webinara Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de durnukly ösüş maksanamasyny durmuşa geçirmekde jogapkär bolan beýleki birnäçe ministrlikleriňdir edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Webinary guramagyň maksady durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hereketleriň Addis-Abebsk maksatnamasynda berkidilen maliýeleşdirmek boýunça halkara tejribesi hem-de BMGÖM-niň durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegi amala aşyrmak boýunça mehanizmleri bilen tanyşmakdan ybarat boldy.   

Webinarda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesini ýerine ýetiriji Kristin Weýgand, BMGÖM-niň hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natia Naswlişwili we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň durnukly ösüş edarasynyň ýolbaşçysy, «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança» atly bilelikdäki taslamanyň milli sazlaýjysy  Atajan Ataýew çykyş etdi.

«Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirmek meselelerinde BMGÖM bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ynanyşmagyň we netijeliligiň mahsusdygyny bellemek ýakymlydyr» ― diýip, N.Naswlişwili belledi. ― «Bu ugurda biziň hymatdaşlygymyz toplumlaýyn, açyk hem-de bütewi çemeleşme häsiýetine eýedir».

Webinaryň barşynda oňa gatnaşanlar durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek meseleleriniň gözegçiligi we mehanizmleri, BMGÖM-niň hyzmatlary we gurallary, maliýeleşdirmegiň bahalandyrylyşy, durnukly ösüş maksatlarynyň býujetleşdirilmegi we halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.  

BMGÖM-niň hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança» atly bilelikdäki taslamasy 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ugrunda bütindünýä gün tertibiniň we 2016-njiy ýylda Türkmenistanyň hökümetiniň durnukly ösüş maksatlary boýunça kabul eden maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde taraplaryň birleşdirilen tagallalaryny özünde jemleýär.