17-nji
ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler
ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň
arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim
babatyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem şertnama-hukuk
resminamalarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi
M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly
Pyragy» şygary astynda geçjekdigi şeýle hem, Ilçihana tarapyndan türkmeniň
nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
ylmy-medeni çäreleriň birnäçesiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigi barada
habar berdi. Şeýle hem duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly
meseläniň üsütünde durulup geçildi.