Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda milli haryt
belgisiniň nyşanynyň dizaýnyny saýlamak we «Türkmenistanda öndürildi» milli
haryt belgisi barada» Düzgünnamanyň taslamasyna täzeden garamak üçin Pudagara
iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi.
Pudagara iş
toparynyň garamagyna «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt belgisiniň 172
görnüşi hödürlendi. Olardan iş toparynyň agzalary iň gowy dizaýnerlik işleriň
bäşisini saýladylar.
Ýakyn wagtda
olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna teklip ediler.
Çeşme:
Türkmenistan:
Altyn asyr