16-njy
ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň
işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň goranyş
ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň,
döwrüň talabyna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna Milli goşunyň
kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmekde ýerine ýetirilen anyk işler,
çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we
Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän
meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Maksatnamasynyň” kabul edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, döwletimiziň goranmak
ukybyny has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek
we ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
goşunlarynyň düzümini hil taýdan ýokarlandyrmak üçin harby özgertmeleri dowam
etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, harby gullukçylary okatmak we olaryň
taýýarlygynyň derejesini kämilleşdirmek, Watana, harby gulluga wepaly ýokary
bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri talabalaýyk alyp barmagyň
zerurdygyny aýtdy.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew prokuratura edaralary
tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, prokuratura edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda
guramak, şeýle hem öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işini pes
derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin,
Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen, S.Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş
prokurory wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine Begmurat
Muhamedow bellenildi.
Baş prokuraturanyň täze ýolbaşçysy münbere geçdi hem-de
Harby kasama, Watana hemişelik wepalylygyň we halkymyzyň parahat, döredijilikli
durmuşynyň goragynda jan aýaman durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet
baýdagyna tagzym etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Permana gol
çekip we wezipä täze bellenen Baş prokurora işinde üstünlikleri arzuw edip,
Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine we hukuk
namalarynyň kanunylygyna prokuror gözegçiligini ýola goýmak, raýatlarymyzyň
hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi. Şeýle hem Baş prokurora ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna görä pugtalandyrmak, prokuratura
işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda işleri üstünlikli
dowam etdirmek tabşyryldy.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda
jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmegiň we hukuk bozulmalarynyň öňüni
almagyň çäklerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem bu edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, degişli
düzümleri iň täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň, jenaýatçylyga garşy
göreşmegiň, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý
edilmeginiň barşy, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
jemgyýetçilik tertibini, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny
bähbitlerini, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramak boýunça işleri
üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Içeri işler edaralarynyň
jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky işlerini
kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün
etmegiň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmagyň zerurdygyna
ünsi çekdi. Içeri işler edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak üçin olary döwrebap tehniki serişdeler, awtoulaglar bilen üpjün
etmek işlerini dowam etdirmek möhümdir. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegi
tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän
düzümleri tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri,
“Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa
geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň
tabşyryklaryna laýyklykda, sanly ulgamy ornaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýady
pugtalandyrmak babatda anyk çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň
alnyp barylýandygyny belledi. Bu işiň esasy maksady raýatlaryň hukuklarynyň we
azatlyklarynyň, döwlet hem jemgyýetçilik bähbitleriniň kazyýet tarapyndan
goralmagyny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady
ösüşiniň yzygiderli kämilleşmegi kazyýet ulgamynyň hem döwrebap hereket
etmegini talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Ýokary kazyýetiň
başlygyna kazyýet ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýolbaşçylyk
edýän edarasynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet
ösüşiniň wezipelerini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýan
parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan
işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň çäk bitewüligini,
konstitusion gurluşyny goramaga, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmäge
gönükdirilen işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy we birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew
ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri,
şeýle hem serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak,
Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek
babatda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhediniň goňşy we beýleki döwletler bilen
dost-doganlygyň serhedidigini aýtdy hem-de “Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň
ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda,
Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin Serhet goşunlarynyň işini
kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň wajypdygyna
ünsi çekip, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän
düzüminde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, milli
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu düzümiň işinde sanly ulgamy işjeň
ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ilata hukuk
kömegini bermek, türkmenistanlylaryň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmak
boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylygy
kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Adalatlylyk, deňlik we
ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan milli kanunçylygymyz halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmelidir. Kabul edilýän kadalaşdyryjy
hukuk namalarynyň kanuny bolmagyny, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň
wezipelerine we ösüşine laýyk gelmegini gazanmalydyrys diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen
ýylda ýerine ýetirilen işler, gullugyň işini kämilleşdirmek we onuň ähli
düzümlerinde işiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň
ykdysadyýetiniň ösmegi we daşary ykdysady işiň geriminiň giňemegi netijesinde,
ýurdumyzyň daşary söwdasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýylsaýyn
artýandygyny belledi. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ulag geçelgeleriniň täze
ugurlarynyň döredilmegi bilen, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijiligi hem yzygiderli
ýokarlanýar. Bu bolsa gümrük nokatlaryndaky gözegçiligi döwrebap derejede,
sazlaşykly hem-de ygtybarly guramagy talap edýär. Şoňa görä-de, gümrük
nokatlary zerur desgalar, barlag-gözegçilik enjamlary bilen yzygiderli üpjün
edilýär. Bu enjamlaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp, ulaglary we harytlary
ygtybarly gözegçilikden geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna döwrüň talaplaryna laýyklykda,
gümrük amallaryny, edilýän hyzmatlary sanly ulgamyň üsti bilen ýerine ýetirmegi
mundan beýläk-de kämilleşdirmek tabşyryldy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, bu düzümiň işgärleriniň gulluk
etmegi, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
hasabaty diňläp, Diýarymyzyň halkara maslahatlaryň, medeni çäreleriň we sport
ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, migrasiýa babatda adamlara ýokary hilli hyzmatlary etmek boýunça
migrasiýa edaralarynyň öňünde uly wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we bu babatda Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysyna degişli
görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny
pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmäge goşan
şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir
ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary, hünär derejesini bermek barada karara
gelendigini aýtdy hem-de degişli Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz gol çekilen Permanlara laýyklykda,
degişli ýolbaşçylara mynasyp bolan sylaglaryny gowşurdy. Olar halkymyza,
Watanymyza, döwlet Baştutanymyza wepalylyk kasamyny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, goranyş
häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň
maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça
yzygiderli çäreleriň görülýändigini hem-de bu işiň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap,
hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy
ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.