Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň
telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň işewür
toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda
öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň,
Pakistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah matadyr nah ýüplük, erkekler üçin
köýnekler, buýan köki we kök baldagy, ýüpek çig maly ýerlenildi. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 446 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit”
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş
kerosinini, binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, ýorgan-düşek
toplumlaryny, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 28
million 902 müň manatdan gowrak boldy.